Bitaraplyk gününe gabat Aşgabatda köçe hereketine çäklendirme girizilýär

Bezeg suraty

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreler sebäpli, Aşgabatda köçe hereketine wagtlaýyn çäklendirmeler giriziler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

“Bu çözgüt paýtagtyň köçelerindäki ulag hereketiniň dowamlylygyny we onuň ýokary dykyzlygyny nazara almak bilen kabul edildi” diýip, resmi habarda aýdylýar.

Wagtlaýyn çäklendirmeler 8–12 dekabr aralygynda Garaşsyzlyk şaýolundaky, Bitarap Türkmenistan şaýolundaky we Türkmenbaşy şaýolundaky awtoulag hereketine degişli bolar.

12 dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Bitaraplygyň halkara gününe hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçiriler.

Türkmenistanda adatça baýramçylyk çäreleri, ýokary derejeli resmileriň saparlary ýa-da döwlet baştutanynyň ulag kerweniniň geçmegi bilen bagly çäklendirilýän köçe hereketleri barada öňünden bildiriş berilmeýär.