Ukrain hüjümi Krasnodar ülkesindäki Temrýuk deňiz portunyň infrastrukturasyna zyýan ýetirdi diýip, sebitdäki operatiw topar habar berdi.
Bu toparyň beren maglumatyna görä, ýangyn döredi. Gyssagly ýagdaýlar gullugy wakanyň bolan ýerinde işleýär; pidalar ýok, işgärler ewakuasiýa edildi diýip, habarda aýdylýar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi bu sebitde bir dronuň urlup gaçyrylandygyny habar berdi. “Astra” neşiri şaýatlaryň wideolaryny seljerip, portdaky gaz terminalynyň ýanýandygy baradaky netijä geldi. (Bu port arkaly dürli görnüşli ýükleriň, şol sanda suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň geçýändigi aýdylýar).
Telegram kanallary Ramzan Kadyrowyň ýaşaýan jaýyndan 800 metr uzaklykda, FSB-niň baş edarasynyň golaýynda ýerleşýän “Grozny-Siti” toplumyndaky köp gatly jaýda bolan partlamanyň netijelerini görkezýän suratlary çap edýärler.
Oppozisiýadaky NYISO kanaly bu bina dron hüjüminiň edilendigini öňe sürýär. Ukrainanyň gözegçilik kanaly bolan "Supernova+" hem köp gatly jaýa edilen hüjüm barada habar berdi.
Häkimiýetler beýik bina edilen hüjümi resmi taýdan tassyklamadylar, ýöne Rosawiasiýa irden Grozny aeroportunyň işine çäklendirme girizdi.