Putin 12-nji dekabrda Türkmenistana sapar eder - Kreml

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurt bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin 12-nji dekabrda Türkmenistana sapar eder diýip, “Interfaks” 3-nji dekabrda rus lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berdi.

"Prezidentimiziň 12-nji dekabrda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmagy meýilleşdirilýär" diýip, Uşakow žurnalistlere aýtdy.

"Bu forum we bu sapar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar we biziň türkmen dostlarymyz prezidentimizden hökman gelmegini soradylar, şonuň üçin biz bu sapara razy bolduk" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.