“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurt çägindäki uçuşlaryň sanyny köpeldýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurt çäginde dürli ugurlara amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň tertibini täzeledi diýip, türkmen metbugaty awiakompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp ýazýar.

Birinji täzelik, Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça T5-245 belgili goşmaça gündelik uçuş girizilýär. Uçuş wagty — 14:30, gonuş wagty — 15:30. 12-nji dekabra çenli bu ugur boýunça her gün üç uçuş (T5-241, T5-245 we T5-247) ýerine ýetirilýär.

T5-113 belgili Aşgabat – Daşoguz gatnawyna hem üýtgeşme girizildi. 12-nji dekabra çenli Aşgabat – Daşoguz ugry boýunça uçuşlar her gün amala aşyrylar, 13-nji dekabrdan başlap uçuşlaryň sany hepdede dört gezek — duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler.

Aşgabat – Mary, Aşgabat – Türkmenabat, Aşgabat – Balkanabat, Aşgabat – Kerki ugurlary boýunça amala aşyrylýan uçuşlaryň tertipleri öňküsi ýaly, üýtgewsiz galýar diýip, habarda bellenýär.

Azatlygyň habarçylarynyň we hünärmenleriň berýän habarlaryna görä, Türkmenistanda uçar, otly, awtobus, taksi gatnawlary bilen bagly uly meseleler saklanyp galýar.