Ukrainanyň gepleşikçiler topary, Kremldäki Putiniň ABŞ-nyň wekilleri bilen geçiren 4 sagatlyk duşuşgyndan birnäçe gün soň, ilki Brýusselde ýewropaly resmiler, soňra bolsa Floridada amerikan resmileri bilen duşuşdy. Şol Kremldäki duşuşykda Ak tamyň wekiliýetini kabul eden Putin, Ukrainadaky urşy tamamlamak boýunça öňe sürýän berk şertlerini has-da tutanýerli beýan etdi.
“Häzir biziň wezipämiz Moskwada nämeler aýdylandygyny we Putiniň urşy uzaga çekmek hem-de Ukrainanyň üstüne basyşy güýçlendirmek üçin ýene nähili bahanalary öňe sürendigini doly bilmekdir” diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 4-nji dekabrda agşam sosial mediada ýazdy.
“Ukraina mümkin bolan ähli özgerişlere taýýardyr, elbetde, parahatçylyk, adalatly parahatçylyk üçin ähli hyzmatdaşlarymyz bilen iň ýokary derejede konstruktiw işlemegi dowam etdireris” diýip, ol sözüne goşdy.
4-nji dekabrdaky duşuşyklaryň öňüsyrasynda Putin “India Today” teleýaýlymyna beren interwýusynda, Ukrainanyň özygtyýarlygyna we harby kuwwatyna degişli uzak wagtdan bäri öňe sürüp gelýän we ýumşadylmagyna garşy çykýan talaplaryny gaýtalady.
“Ähli zat şundan ybarat: ýa biz bu territoriýalary güýç bilen azat ederis, ýa-da ukrain goşunlary şol ýerlerden çykyp, söweşi bes eder” diýip, Putin Hindistana edýän saparynyň öň ýany ýazgy edilip, soň efire berlen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ak tamyň ýörite wekili Stiw Witkoff we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň giýewisi Jared Kuşner 2-nji dekabrda Kremlde Putin we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşdylar. Bu Russiýanyň doly göwrümli söweşini tamamlamak boýunça ylalaşyk tapmak ugrundaky gatnawly gepleşikleriň iň soňky tapgyry boldy.
ABŞ wekiliýetiniň sapary Waşington tarapyndan taýýarlanylan we Russiýanyň bähbitlerini has ileri tutýandygy aýdylan parahatçylyk meýilnamasynyň äşgär edilmeginden tas iki hepde soň amal edildi. Bu plan Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewralyndaky çozuşyndan bäri Ukrainadan talap edip gelýän ýöwsel şertleriniň ählisini bolmasa-da, aglaba bölegini gaýtalaýardy.
Şondan bäri ukrain resmileri hem-de Kiýewiň ýewropaly ýaranlary kabul ederlikli alternatiw taslamany taýýarlamak üçin gyssagly ýagdaýda tagalla edip başladylar. Ukrainanyň resmileri ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen hem duşuşdylar.
2-nji dekabrdaky Moskwa duşuşygynyň yz ýany, baýry diplomat we Putiniň daşary syýasat boýunça esasy geňeşçisi Ýuriý Uşakow gepleşikleri “konstruktiw” diýip atlandyrdy, ýöne rus metbugatyna beren maglumatynda parahatçylygyň “ne ýakynlaşandygyny, ne-de ondan daşlaşandygyny” aýtdy.
“Amerikan hyzmatdaşlary biziň nazara almaly garaýyşlarymyza we esasy tekliplerimize üns bermäge taýýardyklaryny tassyk etdiler” diýip, Uşakow aýtdy.
Emma onuň sözlerine görä, “hiç hili kompromis tapylmady. Iş dowam etdiriler”.
Diplomatik tejribesi bolmadyk, gozgalmaýan emläk işleri bilen meşgullanýan Witkoff Moskwadan ugramazyndan ozal beýanat bilen çykyş etmedi. Bu onuň ýanwardan bäri Moskwa amala aşyran altynjy sapary boldy.
Tramp 3-nji dekabrda Ak tamda žurnalistlere beren maglumatynda, Witkoffyň we Kuşneriň özlerinde galan täsirine görä, Putinde “yalalaşyk baglaşmak isleginiň bardygyny” aýdandyklaryny mälim etdi.
“Şol duşuşykdan näme çykjakdygyny men size aýdyp biljek däl, sebäbi, aýdylyşy ýaly, tango tansyny etmek üçin iki adam gerek” diýip, Tramp jikme-jik maglumat bermän aýtdy.
“Witkoff Putin bilen ýeterlik derejede gowy duşuşyk geçirdi. Indi näme boljagyny garaşyp göreris” diýip, ol belledi. “Olarda galan täsire görä, [Putin] urşy tamamlamak isleýär” diýip, prezident Tramp sözüne goşdy.
Parahatçylyk boýunça gepleşikleriň güýçlenýän döwründe, Russiýa söweş meýdanynda basyşy artdyrmagy dowam etdirýär. Moskwa öz güýçleriniň Ukrainanyň gündogaryndaky möhüm sebitlerde ilerleýändigini öňe sürýär, şol bir wagtda Kiýewe we beýleki şäherlere yzygiderli zarba urup, gyşyň başynda müňlerçe adamy elektrik we ýyladyş üpjünçiliginden mahrum edýär.