Türkmenistan
Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi dowam edýär, “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalar toplumynda dynç alýan myhmanlar deňiz kenaryna golaý, gymmat bahaly otaglarda dynç almak üçin öňünden tölän pullaryna gynanmaly bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Şu aralykda türkmen prezidenti oba hojalyk, suw meseleleri barada iki günde iki maslahat geçirdi, täze alnan suw tehnikalary bilen 'tanyşdy'.
Deňiz kenaryna iň golaý myhmanhanalarda bolmak üçin gymmat bahadan otag sargap, pul tölän ýasaýjylar ozal deňiz suwunyň bolýan otaglarynyň penjirelerinden seredilende 5, 6, 7 metr çemesi aralykda bolandygyny, häzir ‘jana şypaly suwuň’ ýüz metrden gowrak uzaga çekilendigini gürrüň berýärler.
“Deňiz suwunyň çekilmegi netijesinde, öň suw bolan ýer bilen suwuň aralygynda läbikli, myhmanhanadan suwa çenli ýöräp gitseň bir topar päsgelçilik döredýän böwetli meýdan döräpdir. Bu ýerden ýöremek hem howply bolýar” diýip, bir myhman aýtdy.
"Gymmat bahaly otaglary bronlan myhmanlar lapykeç bolýarlar"
Onuň sözlerine görä, deňze golaý ýerleşýän myhmanhanalardan gymmat bahaly otag bronlap, gowy dynç almak meýilleri puç bolan adamlaryň arasynda deňiz bilen myhmanhana aralykda dörän läbikde biline çenli palçyga çümüp, zordan çykan myhmanlar hem duşýar.
Azatlygyň söhbetdeşleri sebitde bolýan tebigy hadysalaryň ýygjamlaşmagynyň, gurakçylyklaryň we suw joşmalarynyň, ykdysady ýagdaýlaryň adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerine uly täsir ýetirýändigini, jaýsyz, malsyz galýan adamlaryň geljeginiň sorag astyna düşýändigini aýtdylar.
“Türkmenistandaky ýaşaýyş, durmuş şertleriniň ýyl-ýyldan kynlaşmagy adamlaryň her edip, hesip edip paýtagta ýa onuň golaýyna göç etmegine sebäp bolýar. Emma paýtagtyň we onuň töwereginiň ilat sanynyň artmagy, öz gezeginde, Aşgabatdaky meseleleriň artmagyna getirýär. O taýda köpçülikleýin gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi we ilat sanynyň artmagy bolsa, öz gezeginde, ozal hem ýiti bolan agyz suwy meselesini ýitileşdirýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen myhmanlar tomus we güýz paslynda Türkmenbaşy säherine gelip, deňiz kenarynda biraz dynç alan türkmenistanlylaryň indi, deňiz suwunyň çekilmegi sebäpli, örän lapykeç bolýandyklaryny we iki adamyň başy çatylsa, ýitileşýän ekologiýa, daşky gurşaw meseleleriniň gürrüňiniň edilýändigini aýdýarlar.
Prezident Mara sapar edip, ýene-de oba hojalygyny 'maslahatlaşdy'
Ýurt ilatyndan tapawutlylykda, türkmen metbugaty we hökümeti sebitdäki tebigy hadysalar, şol sanda gurakçylyk, suw joşmalary, ýer titremesi, hatda çekirtge belasy barada hem gürrüň etmeýär.
Şol bir wagtda, hökümet mejlislerinde prezidentiň ilaty gyzyklandyrýan meseleleriň käbiri, hususan-da oba hojalygy barada degişli resmilere anyk tabşyryklary berýändigi aýdylýar.
Türkmen metbugaty 2-nji dekabrda Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna sapara baryp, oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirendigini habar berdi.
Emma habarda, adatça bolşy ýaly, edilen gürrüňleriň jikme-jiklikleri açylmaýar.
Synçylar we hünärmenler bu hili ‘gurak habarlardan’ degişli ýolbaşçylaryň emele gelen ýagdaýdan çykmagyň ýollary barada nähili anyk pikirleriniň we çözgütleriniň bardygyny bilip bolmaýandygyny aýdýarlar.
Azatlygyň habarçylary diňe Hazar deňziniň däl, Amyderýanyň hem suwunyň çekilýändigini, sowet döwründe durlan Garagum kanalynyň suwunyň bolsa, akabasyny gyrmança basmagy netijesinde, köp böleginiň çöle siňýändigini, yssy howada bugarmagy netijesinde ýitýändigini aýdýarlar.
Habarçymyzyň soňky hepdelerde berýän maglumatlaryna görä, daýhanlar häzir gyşdaky suwaryş işleri üçin suwuň ýeterlik däldigini, şol bir wagtda, ýaplarda suw bolmansoň, mallary suwa ýakmagyň hem uly meselä öwrülýändigini, agyz suwy üpjünçiliginiň bolsa, paýtagtdan başlap, ýurduň köp ýerinde ‘iki aýagy bilen agsaýandygyny’ aýdýarlar.
Türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň Mary sebitine sapara gitmezinden bir gün öň, 1-nji dekabrda hem degişli orunbasary, häkimler bilen oba hojalyk işleri barada maslahat geçirendigini habar berdi.
Synçylar döwlet habarynda 'maglumat az' diýýärler
Berlen hasabatlarda, adatça boly ýaly, suw ýetmezçiligi diýlen zat düýpden agzalmady, “sürüm işleri geçirilýär, ...ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär” diýen ýaly her mejlisde gabatlanýan hasabatlar berildi.
Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän adamlar metbugatda aýdylýan zatlaryň ýerlerdäki ýagdaýa düýpden gabat gelmeýändigini aýdýarlar.
Maglumat üçin aýdylsa, Serdar Berdimuhamedow 1-nji dekabrda Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr” Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna baryp, Hytaýdan täze satyn alnandygy aýdylýan ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen hem tanyşdy.
TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, häzirki wagtda ýurduň suw hojalygy pudagynyň tehniki binýady “yzygiderli pugtalandyrylyp, onuň döwrebaplaşdyrylmagyna köp möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär”.
Şeýle-de, döwlet habar gullugy suw arassalaýjy desgalaryň, howdanlaryň gurlup, ulanmaga berilýändigini, goşmaça suw gorlaryny döretmek, oba hojalyk ýerlerini suwarmak üçin gidrotehniki desgalaryň gurulýandygyny belleýär, ýöne bu maglumatlary anyklaşdyrmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.