Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadan uçan “Boeing 777” asmanda otlanyp, 412 ýolagçysy bilen gonmagy başardy


“Redwings” kompaniýasynyň 412 ýolagçyly “Boeing 777” uçary Moskwadaky aeroportdan asmana galanyndan gysga wagt soň ot aldy.

“Redwings” kompaniýasynyň Moskwadan Phukete uçýan “Boeing 777” ýolagçy uçary rus paýtagtynyň golaýynda, asmanda ot aldy diýip, döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy, howpsuzlyk güýçleri bilen ýakyn baglanyşykly neşirler, 112, “Mash” we “Baza” telegram kanallary habar berdi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, ýangyn söndürilipdir, pilotlar gonmak üçin ýangyçlaryny döküp, soňra bolsa gonupdyrlar.

Deslapky maglumatlara görä, uçaryň çep hereketlendirijisi ýanypdyr. 112 neşiriniň habaryna görä, uçaryň bortunda 412 ýolagçy, 13 ekipaž agzasy bar eken.

“Mash” neşiriniň maglumatyna görä, “Boeing” uçary Moskwa wagty bilen agşam sagat 9:19-da Domodedowodan uçupdyr, ýogsa ol agşam sagat 8:55-de uçmaly eken. “Baza” neşiriniň maglumatyna görä, ýangyn agşam sagat 9:23-de, uçar asmana galanyndan dört minut soň ýüze çykypdyr.

Ýangynyň sebäbi heniz belli däl.

XS
SM
MD
LG